Lukmançylyk enjamlary gowşuryldy

30 Maý 2024
377

Düýn Lebap welaýat köpugurly hassahanasynda bu saglyk merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasyndan satyn alnan «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň ikisiniň sowgat berilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahata ady agzalan gaznanyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de gündogar sebitiň saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Onda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, täze gelip gowşan enjamlar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynda öndürildi. Meşhur german kompaniýasynyň döwrebap tehnologiýalar esasynda işlenip taýýarlanylan täze görnüşli emeli böwrek enjamlary dializ bejergisiniň häzirki wagtda mälim bolan ähli görnüşlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu enjamlar dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has täsirli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türk­me­nis­tan». Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar