Sahawat — şepagat

30 Maý 2024
197

Allanur SARYÝEW,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň umumy II hirurgiýa bölüminiň hirurg lukmany:

— Ýurdumyzda çagalaryň sagdynlygy we sazlaşykly ösmegi, saglyklaryny berkitmegi, ýokary hilli bilim almak mümkinçiligine eýe bolmaklary bilen bagly meseleler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, howandarlyga mätäç çagalara hem yzygiderli üns berilýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer işleriniň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek.

Beýleki habarlar