Geljegiň şäherinde bagtyýar geljegimiz

30 Maý 2024
239

Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde bütin dünýä äşgärdir.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygyny dikeltmekde ähli mümkinçilikler we şertler bar. Mümkinçiligi çäkli çagalara ilki kabul ediş işleri ýola goýlup, inçe hünärli hünärmenleriň barlaglaryndan geçirilýär. Şol barlag işleriniň netijeleri alnandan soň, çaga degişli bejergi bellenilýär.

Güljemal ÇARYÝEWA,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň neonatolog lukmany, Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi.
Beýleki habarlar