Döwrebap merkez

30 Maý 2024
229

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda ähli lukmanlara uly gollanma boldy.

Munuň özi berkarar ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň, belent tutumlaryň buýsanjymyz bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendigine şaýatlyk edýär. Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Diýarymyzda bu ugurda ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, çagalarda köp duş gelýän keselleri irki döwürde anyklamagyň, bejermegiň täze usullary esaslandyryldy.

Bahar ORAZMYRADOWA,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar