Sagdyn beden — sagdyn ruh

30 Maý 2024
194

Ýaş nesillerimizi zyýanly endiklerden goramakda we sagdyn durmuş ýörelgesine gönükdirmekde, olaryň zyýanly endiklerden daşda durup, watansöýüji ýaş nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda Arkadag şäherinde ýerleşýän saglygy goraýyş edaralarynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek maksady bilen, her ýylyň 31-nji maýynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we onuň hyzmatdaş döwletleri Temmäkä garşy bütindünýä göreş gününi belläp geçýärler. Maý aýynda her ýylda geçirilýän temmäkä garşy göreşmek boýunça biraýlyga badalga berildi. Biraýlygyň çäklerinde Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýeti, zyýanly endikleriň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz täsirleri dogrusynda wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar, sport ýaryşlary geçirilýär. Olarda temmäkiniň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny düşündirýän dürli şygarlar, wideorolikler, suratlar görkezilýär. Geçirilýän biraýlygyň esasy maksady adama çilimiň beden, ruhy, durmuş taýdan ýetirýän zyýanyny düşündirmekden, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty wagyz etmekden ybaratdyr.

Ýusup IŞANGULYÝEW,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.
Beýleki habarlar