Sagdyn durmuşyň nyşany

29 Maý 2024
164

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda başy başlanan beýik işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar, halkara gatnaşyklarynda möhüm ädimler ädilýär. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň ähli babatda iri halkara guramalary bilen ysnyşykly gatnaşykda bolýandygyny äşgär edýär. Has takygy, 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen 3-nji iýun — Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi.

Şondan bäri eziz Diýarymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçilýär. Ylaýta-da, bu günde ýurdumyzyň ähli künjeginde welosipedli ýörişler geçirilýär. Watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda guralýan welosipedli ýörişleriň ynsan saglygyna örän täsirlidigini, welosipedli gezelenç etmegiň ynsanyň şähdini açýandygyny, ruhuny göterýändigini aýratyn nygtamak gerek. Ýakynda, şeýle dabaraly senäniň şowhuny al-asmana göterilip, dürli ýerlerde welosipedli ýörişler, aýdym-sazly çäreler guralar. Biz hem bu senäniň ýokary guramaçylykly geçmeginde öz mynasyp goşandymyzy goşarys.

Beýleki habarlar