Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar

29 Maý 2024
175

31-nji maý Bütindünýä çilimkeşlige garşy göreş günüdir

Çilim çekmek adam saglygy üçin zyýanly endikleriň biridir. Alymlaryň tassyklamagyna görä, temmäkiniň tüssesiniň düzüminde dört müňe golaý himiki madda bolup, olar adam bedeni üçin örän zyýanlydyr. Yzygider çilim çekýän adamyň dem alşy ýygylaşýar, gan basyşy ýokarlanýar, gan damarlary gysylyp, içki agzalara we beýnä barýan ganyň mukdary azalýar, gan damarlary gatap, ateroskleroz emele gelýär, infarktyň, insultyň döremegine sebäp bolýar. Köp çilim çekýän adamlarda gaharjaňlyk, ukusyzlyk döreýär, ünsi we ýatkeşligi kütelýär, dişleri saralýar, süňkleri gowşaýar, osteoporoz ýüze çykýar. Çilim çekende, adam diňe bir özüni däl, eýsem, töweregindäkileri hem zäherleýär.

Enejan Hudaýnazarowa,
welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bölüm müdiri, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar