Saglyk sahawaty

29 Maý 2024
415

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna welaýat köpugurly hassahanasyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamlarynyň ikisi sowgat berildi.

Bu şatlykly waka mynasybetli düýn welaýat köpugurly hassahanasynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri, welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri hem-de köpsanly myhmanlar gatnaşdylar. Dabara haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi alyp, saglygyny dikelden çagalaryň we olaryň hossarlarynyň gatnaşmaklary has-da guwandyryjy boldy. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenilen bu kämil lukmançylyk enjamlary dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygynyň artmagyna ýardam berýär.

Maral AGAMYRADOWA.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar