Sagdyn nesiller — sagdyn jemgyýetiň daýanjy

29 Maý 2024
180

Ýaş nesiller islendik ýurduň geljegi hasaplanýar. Sagdyn, zehinli, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösen çagalary kemala getirmek meselesi sagdyn jemgyýeti gurmak bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şoňa görä, Gahryman Arkadagymyz eneligi we çagalygy goramak wezipesini durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Täze taryhy döwürde bu ugurdaky işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilip, has-da rowaçlyklara beslenýär. 2021 — 2025-nji ýyllar üçin niýetlenen «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa bolsa bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär.

Ilatyň, şol sanda enelerdir çagalaryň kesellemek derejesiniň ep-esli peselmegi, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagy saglygy goraýyş ulgamynda täzeçe çemeleşmeleriň döremegine we onuň düýpli özgerdilmegine mümkinçilik beren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň güwäsidir. Maksatnamanyň çäklerinde soňky ýyllarda ýurdumyzda bejeriş-anyklaýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, ýerli çig mal esasynda ýokary hilli derman serişdelerini öndürýän kärhanalar gurlup ulanmaga berildi. Bu bolsa ilatyň saglygyny goramak boýunça işleri has ýokary derejä çykarmaga giň mümkinçilikleri açdy. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan alnyp barylýan işler aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Hereket edip başlan wagtyndan bäri gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk, bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň gowy dynç almaklary üçin mümkinçilikleri döretmäge, beýleki degişli zerurlyklary kanagatlandyrmaga gönükdirilýär.

Magsat BEKEŞOW,
Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar