Sagdyn jemgyýetiň esasy

28 Maý 2024
174

Öz nesillerini nurana geljege deňän pähimli pederlerimiz her bir maşgalada kemala gelýän çagalaryň uly aladalar bilen gurşalmagy, olaryň sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilmeginiň tarapdarlary bolupdyrlar. Munuň şeýledigine biziň şu günlerimizde hem çagalar bilen baglanyşykly dowam etdirilýän milli däp-dessurlar, ýörelgeler, durmuşa geçirilýän beýik işler aýdyň güwä geçýär. Çünki çaga — durmuşyň bezegi, adamzadyň dowamaty. Şoňa görä-de, «Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet» diýen gyzyldan gymmatly ýörelge her bir maşgalada giň mana eýe bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden durmuşa ornaşdyrylýan eýýamydyr. Geljegimiz bolan çagalaryň ruhy we beden taýdan sagdyn ösüp kemala gelmekleri sagdyn jemgyýetiň esasydyr. Şundan ugur alyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda halkara ölçeglerine laýyk gelýän saglygy goraýyş edaralary, sport desgalary guruldy we bu ugurdaky işler üstünlikli dowam etdirilýär.

Aýsona ALLABERENOWA,
Aşgabat şäheriniň 7-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar