Zyýanly endiklerden daşda duruň!

27 Maý 2024
254

Hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň ählisi öz halkynyň bolelin, eşretli, asuda durmuşda ýaşamagyna, ýaşlaryň ylymly, bilimli, sagdyn bedenli we sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmegine gönükdirilendir.Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, zyýanly endiklere garşy göreşmekde giň gerimli wagyz-nesihat işleri amala aşyrylýar. Her ýylyň maý aýynda ýurdumyzda temmäkä garşy göreşmek boýunça giň möçberli wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär.

Temmäki we temmäki önümlerini ulanmak dünýäde giňden ýaýran zyýanly endikleriň biridir. Bu zyýanly endik howply kesellere eltýär. Nikotin aňsatlyk bilen gana geçýän, dürli agzalarda ýygnanyp, dowamly keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýan güýçli zäherdir. Ol gan basyşynyň ýokarlanmagyna, ýüregiň çalt urmagyna getirýär. Netijede, ýürekde kislorod ýetmezçiligi ýüze çykýar. Nikotin adamyň iýmit siňdiriş ulgamyna hem uly zyýan ýetirýär.

Jeren JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar