Sagdyn nesil — röwşen geljegiň kepili

24 Maý 2024
222

22-nji maýda paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Mälim bolşy ýaly, Germaniýanyň bu meşhur kompaniýasynyň şeýle görnüşdäki täze enjamlary şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine hem-de Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň hassahanasyna sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň martynda döredilen bu gazna ugurdaş edaralara hemmetaraplaýyn kömek bermek bilen, ýaş nesliň saglygyny goramak üçin uly işleri alyp barýar. Şeýlelikde, 2021-nji ýylyň tomsunda ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglary sowgat berildi. Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy sowgat hökmünde gowşuryldy. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan, edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan pul serişdeleri howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, bejergi üçin çykdajylary, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän, okaýan ýaş raýatlar üçin lukmançylyk maksatly enjamlary satyn almaga tölegleri geçirmek üçin peýdalanylýar.

«Watan».
Beýleki habarlar