Temmäkiniň zyýanly täsirleri

23 Maý 2024
225

Çilim çekýän adam temmäkiniň tüssesi bilen birlikde, nikotini, sinol kislotasyny, kömürturşy gazyny, myşýagy we şuňa meňzeş birnäçe saglyk üçin zyýanly maddalary öz bedenine dartýar. Olaryň ýanan, çilim süzgüjinde saklananyndan galan birnäçe göterimi öýkeniň üsti bilen adamyň bedenine düşýär we zäherleýär.

Çilim çekýänleriň aglabasy dowamly bronhide hem-de öýkeniň howply çiş kesellerine ýolugýarlar. Ýürek-damar ulgamynyň keselleri bilen keselleýänleriň sany, çilim çekmeýänlere garanyňda, çilim çekýänlerde has köpdür.

Patma KADYROWA,
Aşgabat şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar