Sagdyn we bagtyýar çagalar — Watanymyzyň beýik geljeginiň kepili

23 Maý 2024
225

Aşgabat, 22-nji maý (TDH). Şu gün Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesli sazlaşykly terbiýeläp ýetişdirmek türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýa” bu möhüm ugurdaky utgaşdyrylan işleriň binýady bolup hyzmat edýär. Köp sanly milli maksatnamalardyr taslamalar ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak bilen bagly meseleleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Olar ilata hil taýdan täze, ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermäge, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagyna ýardam etmelidir.

Beýleki habarlar