Atçylyk sporty we sagdyn beden

22 Maý 2024
224

Halkymyzyň ykbalynda uly orny eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýow gününde ýoldaşy, toý gününde syrdaşy bolup, ýürek buýsanjyna, köňül senasyna öwrülipdir. Bu gün ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty barha rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Sport merkezlerinde türkmen türgenleri atçylyk sportunyň ezberleri bolup ýetişýärler. Sportuň bu görnüşi bilen diňe bir türgenler däl, eýsem, her bir ynsan saglygyny berkitmek üçin hem giňden meşgullanýar.

Hakykatdan hem at münmegiň saglyga ýetirýän peýdasy örän uludyr. Daýanç-hereket ediş ulgamynyň näsazlyklaryna uçran adamlara atçylyk sporty bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Bedeniň ähli myşsalarynyň hereket edýändigi üçin ata münen adamyň özüni duýşy oňatlaşýar. Arassa howada atly gezelençden soň şähdiň açylyp, keýpiň çag bolýar. At münmek ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Atly gezelenç etmek ýüregiň işemiýa keselinde, madda çalşygynyň bozulmalarynda, bronhial demgysmanyň, içege keselleriniň, jyns mäzleriniň patologiýasynda bejeriji häsiýeti bilen kömek edýär.

Batyr ALLANAZAROW,
Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesini dolandyryş müdirliginiň lukmany.
Beýleki habarlar