Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek maksady bilen, serhetýaka ýollaryny giňelder

22 Maý 2024
217

Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek üçin serhetýaka ýollaryny giňeltmegi maksat edinýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin gazagystanly kärdeşi Serik Žumangarin bilen Kazanda geçiren duşuşygyndan soňra aýtdy.

“Biz öz tarapymyzdaky ýollary giňeldýäris, olar bolsa öz tarapyndaky ýollary. Netijede ýokary hilli we howpsuz bu ýollar diňe bir biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrman, eýsem beýleki ýurtlara hem geçmäge mümkinçilik berer” diýip, Husnullin özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýzdy.

Beýleki habarlar