Magtymgulynyň mirasy adamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegidir

20 Maý 2024
188

18-nji maýda paýtagtymyzda beýik akyldar we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Onuň esasy maksady meşhur türkmen şahyry Magtymgulynyň edebi-filosofik mirasyny çuňňur öwrenmekden hem-de wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň, edebiýatynyň arasyndaky baglanyşygy öwrenmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan guralan halkara maslahatyň açylyş dabarasy Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ylymlar akademiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, ylym, medeniýet işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar