Ýatdan çykmajak pursat

21 Maý 2024
372

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudagyň infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, amaly lukmançylyk boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly wezipelere uly ähmiýet berilýär. Ýakynda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Gürrüňi edilýän hassahana lukmançylyk enjamynyň sowgat berilmegi halkyň saglygy barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň, bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň, netijede, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň miwesidir. Şonuň bilen birlikde-de, ol Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak we berkitmek babatda uly üstünlikler gazanýandygyny, munuň bolsa dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň hem-de onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG), Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) giň goldawyna mynasyp bolýandygyny hem görkezýär.

Sähet BAÝRAMOW,
Bäherden etrap hassahanasynyň 2-nji saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar