Döwrebap lukmançylyk enjamlary üçin halkymyzyň hoşallygy çäksiz

20 Maý 2024
200

Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi halkymyzyň saglygy baradaky atalyk aladanyň güwäsidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Annamyrat ÝOLLYÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar