Saglyk başymyzyň täjidir

20 Maý 2024
205

Türkmen halky «Abraý isleseň — köp diýme, saglyk isleseň — köp iýme», «Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok» diýen ýaly ençeme pähimleri döredipdir. Munuň özi halkymyzyň saglyga, bedeniň we ruhuň kämilligine aýratyn ähmiýet berendigini görkezýär. Häzirki wagtda howanyň üýtgäp durýan şertlerinde, pasyl çalşygynda, umuman, gündelik durmuşda saglygyňy goramaga gönükdirilen tertip-düzgünleri berjaý etmek örän wajypdyr.

Kadaly we sagdyn iýmitlenmek dürli keselleriň öňüni almak üçin bedeniň immunitetini berkitmekde esasy orunda durýar. Şunda witaminlere baý bolan önümleri iýmek, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek örän möhümdir. Tomus paslynda Günüň işjeňligi has-da ýokarlanýar. Elbetde, Gün şöhlesinden bedende D witamini emele gelýär, ýöne jöwzaly günlerde Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranmagy unutmaly däldir. Şeýle günlerde ýagly, duzlanan, gurak iýmitlerden saklanmak maslahat berilýär.

Muhammetdurdy KASYMOW,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar