Hossarlyk aladalarynyň gurşawynda

15 Maý 2024
245

Il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek babatda alnyp barylýan işler uly rowaçlyklara beslenýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň iň çetki şäherlerinde we obalarynda hem lukmançylyk we sport düzümlerini şu günüň talabyna laýyk getirmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş we anyklaýyş edaralarynyň gurulmagy, etrap hassahanalarynyň durkunyň täzelenilmegi, olara daşary ýurtlaryň iň meşhur kompaniýalarynyň häzirkizaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, hünärmenleriň iş tejribeleriniň yzygiderli baýlaşdyrylmagy netijesinde ilatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimizde poliomiýelit, drakunkulýoz, gyzdyrma keselleriniň doly ýok edilendigi, ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin duzy ýod bilen hem-de unuň düzümini demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy bardaky Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we beýleki guramalar tarapyndan berlen halkara güwänamalary ýetilen belent sepgitleriň kepilidir. Ýurdumyz çilimkeşlige garşy alnyp barylýan göreşe goşan ägirt goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýadygärlik medalyna hem-de Minnetdarlyk şahadatnamasyna mynasyp boldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we sarpasy belent hormatly Prezidentimiziň milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkyň saglygyny berkitmek barada edýän hossarlyk aladalary bilen aýrylmaz baglydyr.

Gadam HEMRAÝEW,
welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar