Gün şöhlesiniň täsiri

15 Maý 2024
238

Gün şöhlesiniň täsiri esasynda adamyň bedeninde alyş-çalyş hadysalary bolup geçýär. Olaryň netijesinde D witamini emele gelip, daýanç-hereket ulgamyna peýdaly täsirini ýetirýär. Ýöne paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Günüň aşa gyzýan döwri onuň şöhlesinden goranmaly. Onuň üçin çagalar we gartaşan adamlar ýa-da ýokary gan basyş keseli bar bolanlar ir säher bilen daşaryk çykanlarynda hökman arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda alyp gitmelidirler. Beýleki adamlar ýiti Günüň şöhlesinden hökman ak başgaplar ýa-da ýaglyklar bilen goranmalydyrlar we öz ýanlarynda agyz suwunyň bolmagyny üpjün etmelidirler.

Ýylyň ähli pasly hem adamyň saglygy üçin öz peýdasyny ýetirýär. Şonuň üçin adam öz saglygyna has paýhasly çemeleşmelidir. Onuň üçin çagalar bilen gezelenç edilende, ir säher bilen 6-dan — 9-a çenli, agşam bolsa 18-den soň, gezelenç edilse has ýerlikli bolar. Gün şöhlesinden goranmak üçin kelläňizi hökman başgap, ýaglyk ýa-da tahýa bilen örtmeli. Çagalaryň egin-eşikleri nah matadan, açyk reňkde bolmaly, Günden goraýan saýawanlary ýanyňyzda götermeli. Şonuň bilen bilelikde çagalaryňyz üçin ýeterlik mukdarda agyz suwunyň bolmagyny öz üns merkeziňizde saklamaly.

Güljan GELDIBAÝEWA,
Talyplar saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar