Buýsanjymyzy goşalandyrdy

14 Maý 2024
271

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň esasydyr» diýen ýörelgeden ugur alnyp, ynsan saglygyny goramaga we berkitmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyryp, keselleriň öňüni almaga, olary wagtynda we netijeli bejermäge uly ähmiýet berilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde pudagyň düzümleri döwrebaplaşdyrylýar, innowasion tehnologiýalar we öňdebaryjy lukmançylyk tejribeleri işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzdaky okgunly ösüşleriň nyşany bolan şeýle özgertmeler ähli etrap-şäherleri, şol sanda, iň çetki künjekleri-de öz içine alýar. Etrabymyzyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi şeýle guwandyryjy görkezijileriň biridir.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda berlen bu sowgat welaýatymyzyň we etrabymyzyň ähli saglygy goraýyş işgärlerini begendirdi. Bu waka bagyşlanyp, hassahanamyzda geçirilen aýdym-sazly dabara türkmen halkynyň Milli Liderine, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş bolup ýaňlandy.

Miwe GARAÝEWA,
Bäherden etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar