Sagdyn durmuş ýörelgelerini wasp eden

14 Maý 2024
272

Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan beýik akyldar, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi halkyň ruhunyň kuwwatly sütünidir. Bu gün akyldar şahyryň döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi, eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi onuň parasatly pikirleriniň, ynsanperwer garaýyşlarynyň bütin dünýäde dabaralanýandygyny äşgär edýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy» diýip belleýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolup, türkmen nusgawy edebiýatynyň özeninde durýar. Şahyryň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklaryndan söz açýar. Magtymgulynyň döredijiliginiň mazmuny belent adamkärçilik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulyp, ol döwrüň ähli meselelerini öz içine alýar. Onuň şygyrlarynyň tematik örüsi köptaraplydyr, çuňňur mazmunlydyr.

Bahar BEKMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diller kafedrasynyň müdiri.
Beýleki habarlar