Woleýbolçy lukmanlar bäsleşdiler

13 Maý 2024
459

Türkmenabat şäherindäki 2-nji sport mekdebinde hassahanamyzyň lukman gelin-gyzlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Lukmanlarymyz «Bagtyýarlyk» hem-de «Galkynyş» atly toparlara bölünip, özara güýç synanyşdylar. Gyzgalaňly geçen bäsleşikde lukmanlarymyz özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede «Bagtyýarlyk» topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere hem-de ähli gatnaşyjylara hassahanamyzyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Biz şäherimiziň beýleki saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda hem ýaryş geçirmekligi meýilleşdirýäris. Sport bilen meşgullanmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!

Gözel TAÝMAZOWA,
welaýat iç keselleri hassahanasynyň akuşer-ginekolog lukmany.
Beýleki habarlar