Lukmançylyk hyzmatlary kämilleşdirilýär

10 Maý 2024
251

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Şol işleriň hatarynda golaýda etrabymyzyň hassahanasyna gaznanyň serişdeleriniň hasabyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamyň satyn alnyp berlendigini hem görkezmek bolar. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň saglygy baradaky aladanyň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, şol sanda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ilatyň saglygyny goramakda we berkitmekde uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredileni ýaňy ýalydy. Şu gysga döwürde gazna tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp baryldy. Şol işleriň hatarynda döwrebap lukmançylyk merkezlerinde halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň köp görnüşleriniň hödürlenilýändigini görkezmek bolar. Galyberse-de, geçen gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine zerur enjamlar bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň, Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamynyň, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezine iki sany «Dialog+» kysymly emeli böwrek enjamynyň sowgat berlendigini sogaply işleriň hatarynda görkezmek bolar. Şol merkezlerde ornaşdyrylan öňdebaryjy enjamlar bar bolan keselleri irki döwürlerde anyklamaga, iň esasy-da, öz wagtynda bejeriş işleriniň geçirilmegine mümkinçilik berýär.

Amangeldi HAMEDOW,
Bäherden etrap hassahanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar