Çagalaryň saglygy — döwletiň gymmatly baýlygy

9 Maý 2024
435

Ahal welaýaty, 8-nji maý (TDH). Şu gün Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi halkyň, ilkinji nobatda, ýaşlaryň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgeler esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini nobatdaky gezek tassyklaýar.

Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.
Beýleki habarlar