Ynsan saglygynyň goragynda

8 Maý 2024
388

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrmak, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmynyň gazanan baý tejribelerine esaslanýan kämil we ýokary derejeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär. Ilatymyza hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldilip, hili ýokarlandyryldy. Bu hem ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda amala aşyryldy. Saglygy goraýyş ulgamyndaky gazanylan üstünlikleriň biri hem, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezidir.

Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady. Ulanmaga berlen bu merkeze Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň “Dialog+” kysymly iki sany emeli böwrek enjamynyň sowgat berilmegi ähli halkymyz bilen birlikde biz — lukmanlaryň hem buýsanjymyzy artdyrdy. Bu enjam dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly olaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. Şeýle öňdebaryjy innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze lukmançylyk merkeziniň açylmagy durmuş maksatly döwlet syýasatynyň we saglygy goraýyş maksatnamalarynyň amal edilmegi netijesinde mümkin boldy.

Güljemile Hudaýberdiýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar