Gün şöhlesiniň bedene täsiri

8 Maý 2024
300

Howanyň gyzmagy bilen her birimiz Günden goranmagyň aladasynda bolýarys. Elbetde, Günüň adam bedenine ýetirýän peýdasy bilen birlikde käbir zyýanlary hem bar. Ýöne muňa garamazdan, Gün şöhlesiniň peýdasy has uludyr. Eýsem, bu barada biz nämeleri bilýäris?!

— Gün, esasan, döş mäziniň düwnük keselini peseldýär. Günortan wagtynda Günüň aşagynda gezelenç edip, bu keseli tutmak howpuny azaldyp bilersiňiz. Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda bedende D witamini emele gelýär, şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň. Ýöne tomus paslynda, ýagny jöwzaly günlerde Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranyň!

Şemşat SAPARLYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 15-nji saglyk öýüniň baş lukmany.
Beýleki habarlar