Saçakda ak aşym — müň dertden sagdyr başym!

7 Maý 2024
198

Süýt we süýt önümleri — adam bedeni üçin öwezini dolup bolmaýan hökmany iýmitlerdir. Bu önümler berhizlik häsiýete hem eýedirler. Süýt we süýt önümleri adam bedeni üçin gerek bolan belogyň, mikroelementleriň, witaminleriň şeýle hem iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemekligi üçin hökmany bolan süýtturşy mikroorganizmleriň çeşmesidir. Esasan hem gartaşan adamlar we körpejeler üçin gündelik iýmitlenişde süýt önümleriniň bolmagy hökmanydyr. Sebäbi ýakymly tagamly bu iýmitler ýeňillik bilen siňýär we çalt özleşýär, düzüminde peýdaly maddalary köp saklaýar hem-de esasy tagamlaryň ýerini tutmaga ukyply bolup durýar.

Süýt — çalt zaýalanýan önüm, ýagny bişen süýt diňe sowadyjy enjamda saklanmaly we bir günden köp saklamaklyk maslahat berilmeýär.

Şirin WELLANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Iýmit gigiýenasy kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar