Sagdyn jemgyýetiň daýanjy

26 Aprel 2024
268

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanyşa girizilen gününde Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylmagy ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolandygyny we şeýle bolmagynda-da galýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.

Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Şunda döwrebap lukmançylyk edarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly iki sany emeli böwrek enjamynyň sowgat berilmegi has guwandyryjy ýagdaýdyr. Ol dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglaryň ganyny arassalamak arkaly, olaryň saglygyny gowulandyrmaga, ömür dowamlylygyny uzaltmaga ýardam edýär. Ýeri gelende, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäginde welaýat çagalar hassahanasyna haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna satyn alnan «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamyny sowgat hökmünde gowşurandygyny hem nygtamak gerek. Bu enjam hassahananyň reanimasiýa bölüminde näsag bäbeklere we çagalara emeli dem bermek üçin ulanylyp, ýokary hili, ulanyşda amatlylygy bilen tapawutlanýar. Ol ýokary basyşyň kömegi bilen dem alyş ýollaryna howanyň, kislorodyň we derman serişdeleriniň barmagyny üpjün edýär. Şol bir wagtyň özünde bu enjam adamyň ganynyň düzümini kislorod bilen baýlaşdyrýar.

Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar