Baş maksat — halkymyzyň saglygy

24 Aprel 2024
244

Bütindünýä immunizasiýa hepdeligi dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, peder ýoluny paýhasly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamy halkara ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Maşgala lukmançylygy Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen häzirki wagtda has kämil derejä ýetirildi. Çagalaryň we uly ýaşly adamlaryň arasynda keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň ýaşyna görä guramaçylykly ýerine ýetirilmegi netijesinde ýurdumyzda birnäçe ýokanç keseller (drakunkulýez, ýabany poliomiýelit keseli, gyzamyk, gyzylja we gyzdyrma keselleri) düýbünden ýok edildi.

Täzegül ANNANYÝAZOWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.
Beýleki habarlar