Görer gözüň gymmaty

24 Aprel 2024
279

Dünýäniň ýagşy zatlaryny görmek gowulykdan nyşan. Olary biziň kalbymyza ýetirjek zadymyz bolsa, nurly didelerimizdir. Ynha, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylan Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi täze döwrüň lukmançylyk ojagy bolup, esasan, durmuş taýdan goraga mätäçlere, ýagny çagalara, hereketi çäklenen raýatlara, uruş weterany bolanlara we olaryň yzynda galanlaryň göz kesellerine uçranlaryna hyzmat edýär. Hususan-da, näsaglara gije-gündiz gaýragoýulmasyz oftalmologik kömek berilýär.

Ylmy-kliniki merkeziň lukmanlarynyň guramaklarynda mekdep ýaşly çagalaryň arasynda göz keselleriniň öňüni almak we ýaýraýjylygyny peseltmek maksady bilen, Aşgabat şäherindäki orta mekdeplerde görüş ýitiliginiň peselmesi barlagynyň — skrining maksatnamasy boýunça her okuw ýylynyň ilkinji günlerinde amaly maslahatlar geçirilýär. Merkeziň lukmanlary göz keselleriniň öňüni alyş işleri boýunça meýilnamanyň çäginde okuwçylarda görüş ýitiliginiň barlagyny geçirýärler. Çagalarda pes görüjiligiň öňüni almak maksady bilen, keselçilige getirip biljek başlangyç gaýra üzülmeler seljerilýär. Mekdeplerde pes görüjiligiň öňüni almak babatda wagyz-nesihat duşuşyklary, şeýle-de tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde göz kesellerini bejeriş we öňüni alyş barlaglary geçirilýär. Bu guralýan çäreler çagalarda görüş ýitiliginiň peselmeginiň ilkinji alamatlary döräp başlandan öňüni almaga mümkinçilik berýär. Geçirilýän işleriň netijeli bolmagy üçin mugallymlaryň üsti bilen çagalaryň ene-atalaryndan sowal-jogap testleri alynýar, şeýle-de keselleriň döremeginiň sebäplerini çuňňur öwrenmek üçin ylmy-barlag işleri ýola goýlup, bilelikde işlemek meýilnamasy düzülýär. Bu işiň netijesinde göz keselleriniň döreýşi ylmy esasda öwrenilip, keselçiligi azaltmakda geçirilmeli çäreleriň maksatnamalary amala aşyrylýar.

Ýakup ÖWLÝAKULIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň kabul ediş bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar