Saglygyň gadyry

24 Aprel 2024
422

Ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmakda, raýatlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmakda ýetilen belent sepgitler, alnyp barylýan giň gerimli işler berkarar Watanymyzda döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygyny doly tassyklaýan subutnamalardyr.

Halkymyzyň saglygyny goramakda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işini dünýä hil ülňülerine laýyk getirmekde gazanylan üstünliklerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy eýýamda bu maksatnamada kesgitlenilen möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek üstünlikli dowam etdirilýär. Alnyp barylýan bu işler saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde ýetilen sepgitleri has-da pugtalandyrýar. Ynsan saglygyny goramak, ilki bilen, keselleriň öňüni almak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Şundan ugur alnyp, keselleriň öňüni almaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge gönükdirilen işler, ilatymyzyň dürli gatlaklarynyň arasynda ýola goýlan saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary, bejeriş çäreleri nusgalykdyr. Munuň özi ilatyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Ogulsoltan Garýagdyýewa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar