Zeýtun

23 Aprel 2024
281

Zeýtun ösümligi dünýäde asudalygyň, parahatçylygyň, ýagşylygyň nyşany hasaplanýar. Maglumatlara görä, dünýäde 800 milliona golaý zeýtun agajy bolup, olar ortaça 300 ýyldan artyk ýaşamaga ukyply hasaplanýar. Ösümlik ýylaşa bol hasyl berýär. Zeýtun miwelerini iýmitlik hökmünde ulanmak üçin ol ýörite gaýtadan işlenilýär. Bu ösümlikden alynýan ýag adam saglygy üçin iň peýdaly önüm hasaplanýar. Onuň miwelerinden hem-de ýagyndan dürli tagamlar taýýarlanýar. Zeýtunyň ýagy kosmetologiýada hem-de derman senagatynda gymmatly goşundy hökmünde ulanylýar.

Zeýtunyň saglyga peýdasy-da adamlara gadymy döwürlerden bäri belli bolupdyr. Ösümligiň miwesi dürli witaminlere we mineral maddalara baýdygy bilen tapawutlanýar. Miwe A, B, С, Е, K witaminlerine, beloga, pektine, demir, fosfor, selen, magniý hem-de kaliý ýaly mikro we makroelementlere, antioksidantlara baýdyr. Şol sebäpden zeýtun adam bedeniniň kesellerden goranyjylyk ukybyny güýçlendirýär, bedeniň witaminler, peýdaly serişdeler bilen üpjünçiliginiň üstüni ýetirýär. Zeýtun miwesi iki öwüşginde, ýagny açyk ýaşyl ýa-da gara reňkde bolýar.

Rowaç DURDYLYKOW,
Tejen etrabynyň Tejen şäher hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar