Baş baýlygyň goragynda

22 Aprel 2024
335

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan ýurdumyzda ynsan saglygynyň hem-de raýatlaryň bähbitleriniň goralmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde, ýurtda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliligi, hili we elýeterliligi düýpli ýokarlandyrylýar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ÝUNISEF-iň dünýäde öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri, öňdebaryjy hassahanalary, tejribeli professorlary we lukmanlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW,
Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynyň direktory, Türkmenistanyň Lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar