Sagdyn jemgyýet — beýik geljek

19 Aprel 2024
345

Saglyk diňe her bir adam üçin däl-de, eýsem, tutuş jemgyýet üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki ol beden taýdan kämilligiň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan, bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr. Eziz Diýarymyzda giň gerime eýe bolýan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän ählihalk hereketine ýylsaýyn türkmenistanlylaryň barha köp sanlysy goşulýar. Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenilip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk hem-de sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Mermer paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda, Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk döwrebap lukmançylyk merkezlerini gurmak, olaryň üstleriniň dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bejeriş-anyklaýyş, ylmy-kliniki merkezleri bilen yzygiderli ýetirilip durulmagy boýunça köptaraply taslamalar üstünlikli amala aşyryldy we olary durmuşa geçirmek işleri giň gerimde dowam etdirilýär. Ol lukmançylyk merkezleri daşary ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze lukmançylyk enjamlary hem-de olarda iş alyp barýan tejribeli lukmanlar bilen üpjün edilýär. Ynsan saglygynyň goragçylary bolan lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hem köpugurly işler ylmy esasda amala aşyrylýar. Çünki keseli bejermegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy, raýatlara dünýä lukmançylygynda bar bolan ýöriteleşdirilen hyzmatlaryň ähli görnüşleriniň hödürlenilmegi, ilkinji nobatda, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň lukmanlary we hünärmenleri Ýewropanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň ösen lukmançylyk merkezlerine okuwa we tejribe alyşmaga ugradylýar. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigi, beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi netijesinde, bu ulgamlar dünýä standartlarynyň derejesine çykaryldy. Eziz Diýarymyzda halka hödürlenilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri giňeldildi we hili ep-esli ýokarlandyryldy. Bu üstünlikler ugurdaş düzümleriň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwrebaplaşdyrylmagy esasynda mümkin boldy.

Maýa GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar