Bedeni taplamak

19 Aprel 2024
324

Ynsan saglygynyň pasyl çalşygynda duş gelýän dürli howa şertlerini durnukly kabul etmegi üçin, ilkinji nobatda, bedeni taplamalydyr. Howa şertleriniň täsirlerini ulanmak adamyň bedenini berkitmegiň usullarynyň biri bolup durýar.

Fiziki maşklar adam saglygynyň gözbaşy hasaplanylýar. Maşklar sazlaşykly ýagdaýda ýerine ýetirilende adamyň sagdyn bolmagyny üpjün edýär, işjeňligini artdyrýar, ruhuny belende galdyrýar. Has ir döwürlerde gündelik durmuşda adamlar dürli-dürli hereketleriň üsti bilen kämilleşip, maşk etmek endigine uýgunlaşyp ugrapdyrlar. Wagtyň geçmegi bilen bolsa adamlar döwürlere görä kämilleşip, dürli görnüşli fiziki maşklar bilen meşgullanyp başlapdyrlar. Maşklaryň peýdasy barada lukmançylyk ylmynda meşhurlyk gazanan alym Abu Aly ibn Sina «Beden taplaýjy maşklar erkin hereketler bolup, yzygiderli çuňňur dem alşy emele getirýär» diýip, belläp geçipdir. Adamlar ylgamak, bökmek, towusmak ýaly çalasyn hereketleriň bedeniňi berkidýändigine, ömür dowamlylygyna daýanç bolýandygyna, dem alyş ýollarynyň sazlaşygyny ýeňilleşdirmek üçin peýdalydygyna göz ýetiripdirler. Bedeni berkitmegiň düzgüni kesgitlenilende, adamyň şahsy aýratynlyklaryny, ýaşyny, jynsyny, dürli meteotäsirlere (beden sowamagyna, Gün şöhlelerine we ş.m) düýgurlyk derejesini, beden taýdan ösüşini, keseliň görnüşini göz öňünde tutmak möhümdir. Bedeni sowuga we ýylylyga uýgunlaşdyryp berkitmek üçin, açyk howada gezelenç etmek, ýöremek, ylgamak ýeterlikdir. Ýöremek we ylgamak adam bedenine agram düşürmegiň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Şoňa görä-de, adam bedeniniň işleýşi we gurluşy agram düşürmäniň bu görnüşine uýgunlaşandyr. Ýöremek iýmit siňdiriş, ýürek-damar ulgamyna, umumy aýdanyňda, tutuş beden üçin peýdalydyr. Ýörelende dabany tebigy ýagdaýda owkalamak ýagdaýy bolup geçýär (owunjak nerw nokatlary gyjyndyrmak bilen utgaşýar). Islendik howa şertlerinde ýöremeklik bedeniň berkemegine, kesele garşylygyny ýokarlandyrmaga hem-de beden uýgunlaşma mümkinçiligini ýokarlandyrýar. Ýöremekligi seýilgählerde, daglyk, baglyk we ulagyň az ýerlerinde geçirilse, tebigaty we daş-töweregiňi synlap, lezzet almaga, şol bir wagtda fitonsidler we aeroionlar bilen doýgun howadan dem almaga mümkinçilik bolýar. Bu gözellikler ynsanyň ruhuny göterip, köňlüni arassalaýar, güýjüne güýç goşýar, beden saglygyny berkidýär. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, kadaly iýmitlenmek, adam bedeniniň taplanmagyna, beden agzalarynyň işiniň sazlaşykly bolmagyna täsir edýär we ynsanyň saglygynyň berkemegine, ömür dowamatynyň uzalmagyna ýardam edýär.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar