Milli saglygy goraýyş ulgamynyň buýsançly gadamlary

17 Aprel 2024
217

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys» diýip nygtaýşy ýaly, eziz Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak, berkitmek, keselleriň öňüni almak, sagdyn, şeýle hem ruhubelent we kämil dünýägaraýyşly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek babatynda döwlet tarapyndan zerur şertler döredilýär. Milli Liderimiziň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy bu babatda uly ähmiýete eýe bolup, ol saglygy goraýyş ulgamynyň işlerini döwrüň ösen talaplary esasynda guramaga we alyp barmaga degişli wezipeleri öz içine alýar. Häzirki döwürde saglygy goraýyş ulgamynda dünýäniň iri halkara guramalary, daşary ýurtly alymlar, bilermenler bilen ylym-bilim ulgamynda we lukmançylygyň täze tejribelerini paýlaşmakda netijeli işler ýola goýulýar.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saglygy goraýyş ulgamyndaky alyp barýan adyl ýörelgelerinden ugur alnyp, ýurdumyzda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, iýmit önümleriniň we agyz suwunyň hiline, howpsuzlygyna degişli kanunçylyk namalar, kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi we şunuň bilen bagly düýpli çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýokanç däl keseller, ýagny gan basyşynyň ýokarlanmagy, süýji keselleriniň, ýürek-damar keselleriniň döremegine sebäp bolýan çilim çekmek, alkogolly içgileri içmek ýaly zyýanly endikleri, semizligi aradan aýyrmak, kadaly iýmitlenmegi ýola goýmak babatda hem degişli çäreler geçirilýär.

Begenç HANNYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar