Täze many-mazmun bilen baýlaşýan dost-doganlyk gatnaşyklary

10 Aprel 2024
256

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen okgunly öňe barýan eziz Diýarymyzda dünýä döwletleri — ýakyn goňşy we alysdaky ýurtlar bilen dost-doganlyga, özara bähbitli hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan syýasat alnyp barylýar. Sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilýän syýasatyň netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyzyň köňül buýsanjyna öwrülýär.

Biz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň goňşy Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň dowamynda hem şeýle guwandyryjy wakalaryň şaýady bolduk. Milli Liderimiziň Täjigistana bolan döwlet sapary goňşy döwletleriň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna baha bermekde, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmakda we türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

«Balkan».
Beýleki habarlar