Kalbymyzda kuýaş, göwnümizde güneş

10 Aprel 2024
248

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bosagasynda bize «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny serpaý ýapdy. Çuňňur many-mazmuna ýugrulan bu ajaýyp eser biziň ruhy ganatymyza, ylham çeşmämize öwrüldi. Hut şu kitapdan täsirlenip, ýaşlaryň ylym-bilime, sportuň we sungatyň dürli ugurlaryna bolan gyzyklanmalarynyň artmagy biziň gündelik işimize-de täzeçe öwüşgin çaýdy.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilen «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze eseriniň çapdan çykmagy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şanyna şan goşup, her birimiziň kalbymyzy egsilmez joşguna besledi.

Rahat HAÝYTMYRADOWA,
Çärjew etrabyndaky Astan Işangulyýew adyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar