Gadymy şäheriň buýsançly tarypy

10 Aprel 2024
208

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby nesil terbiýesinde, aň-düşünje kämilliginde milli medeni mirasyň, taryhyň, däp-dessurlaryň, durmuş ýörelgeleriniň aýratyn hyzmatyny mynasyp beýan edýär. Çünki bu gymmatlyklar halkymyzyň umumadamzat ösüşine goşan saldamly goşandyny dolulygyna açyp görkezýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserinde nygtaýşy ýaly, iňňän baý taryhyň mirasdüşeri bolan Änew şäheriniň geçmiş taryhyny ylmy taýdan içgin öwrenmekde Rafael Pampelli, Wadim Masson, Wiktor Sarianidi ýaly ägirtleriň bitiren işleri uludyr. Ol işler Änew medeniýetiniň dünýäde ykrar edilmeginde wajyp ähmiýetli boldy. Täze eser bolsa dünýä ykrarnamasyna eýe bolan gadymy Änew medeniýetiniň jümmüşine gaýybana syýahata alyp gidýär. Mazmun taýdan örän sazlaşykly ýagdaýda biri-biriniň üstüni ýetirýän baplardan hem-de bölümlerden ybarat bolan kitap türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşindäki mynasyp orny bilen içgin tanyşdyrýar. Bu bolsa biziň her birimiziň geçmiş taryhymyza, ruhy-medeni gymmatlyklarymyza, asylly durmuş ýörelgelerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. Täze eseriň öz okyjylaryna şeýle buýsanjy peşgeş bermegi ata-babalarymyzyň şöhratly geçmişiniň, döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň, ýol-ýörelgeleriniň täze taryhy eýýamyň nesilleri üçin ruhlandyryjy güýç bolup durýandygyny görkezýär. Şol bir wagtda munuň özi eziz Diýarymyzy kuwwatly döwlete öwürmekde durmuşa geçirilýän taryhy tutumlaryň rowaçlanmagynda egsilmez ylham çeşmesidir.

Gurbangeldi Maşadow,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar