Hereketli we sanly sport

12 Aprel 2024
616

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda «Hereketli we sanly sport – sportda innowasiýalar» atly sportuň täze fijital görnüşleri (physical+digital) boýunça ýaryşlar hem-de açyk gapylar hepdeligi geçirildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň köpugurly sport toplumynda guralan ýaryşlar gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Bäsleşikde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 33-sinden okuwçylar, ýokary okuw mekdepleriniň 21-sinden talyplar çykyş etdiler.

Netijede, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen fijital-futbol ýaryşynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiniň topary 1-nji orny eýeledi. Fijital-basketbol ýaryşynda «Olimp» orta sport mekdebiniň topary öňdeligi eýeledi. Fijital-stol tennisi ýaryşynda Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň topary tapawutlandy. Fijital-karatedo ýaryşynda Allanur Ýalkabow (-52 kg), Jora Öwezmyradow (-57 kg), Garamämmet Garamämmedow (-63 kg), Amangeldi Ataýew (-70 kg), Silapberdi Orazgeldiýew (+70 kg) dagy 1-nji orunlara mynasyp boldy.

Beýleki habarlar