Paýtagtymyzda sport baýramy

10 Aprel 2024
151

Türkmenistanda hokkeý boýunça ýaryş, ýylyň agramly bölegi güneşli Watanymyzda sportuň buzda oýnalýan görnüşi boýunça halkara ýaryşy geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň sport pudagynda nähili öňegidişlikleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär.

Taryh üçin juda ujypsyz bolan 10 ýyl töweregi wagtda hokkeý ýaly demirgazyk döwletlere mahsus sport görnüşine bolan ukyby zandynda gaýnaýan türkmen türgenleri eýýäm halkara ýaryşlarynyň birnäçesinde ýeňiji bolup, ýylyň-ýylyna dünýä çempionatlaryna gatnaşar derejede kämilleşdiler. 15-nji aprelde paýtagtymyzda badalga aljak halkara ýaryşda bolsa olar ýer eýeleri hökmünde çykyş ederler.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar