Üstünligiň gözbaşy

9 Aprel 2024
374

Döwrebap bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ösüp gelýän nesilleriň berk bilim binýatly bolmagynyň esasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşy yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, ylym, bilim babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle uly özgertmeleriň bir ugry hem ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagydyr. Çünki häzirki ösen döwürde sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, okatmagyň iň döwrebap usullaryny durmuşa geçirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Kämil bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi bolsa, netijeli bilim ulgamynyň berk binýadydyr.

Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ýeňillikleri döredýär. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýandygyny bellemelidiris. Mundan kämil bilim bermegiň berk esaslary gelip çykýar we geljekde ýokary bilim almaga ymtylýan ýaşlarda berk bilim binýadyny kemala getirýär. Ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy şu günki okuw ulgamynyň zeruryýeti bolmak bilen, lukmançylyk ugruna ymtylýan ýaşlaryň hem berk bilim binýatly bolmagyna, olaryň bu ugra bilesigelijilik bilen ýapyşmagyna esas bolýar.

Selbi AMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar