Bilim ulgamynyň maksadalaýyk kämilleşdirilmegi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmeginiň, jemgyýetiň medeni we ruhy taýdan galkynmagynyň baş şerti bolup durýar. Bu ulgamda geçirilýän özgertmeleriň esasy maksady döwletiň syýasy, ykdysady we medeni esaslaryny pugtalandyrmakdan, Türkmenistany täze belentliklere çykarmak üçin ylym-bilim kuwwatyny herekete getirmekden ybaratdyr. Munuň üçin ýurdumyzda bilimiň iň täze usulyýetleri, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, jemgyýetiň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň bilim syýasaty hem-de hemmetaraplaýyn ösen, gujurly ýaş nesli terbiýelemek boýunça durmuşa geçirýän giň gerimli işleri oňyn netijelerini berýär. Milli we abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara eýe bolýan ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ýurdumyzyň bagtyýar mekdep okuwçylarynyň halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, şu ýylyň ilkinji aýlarynda köp sanly medallary gazanmagy başarandyklary hem munuň nobatdaky subutnamasydyr.