Şu gün – Bütindünýä saglyk güni

7 Aprel 2024
209

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda toýlar toýa ulaşýar. Aprel aýynyň ilkinji günlerinden uly ruhubelentlige beslenen Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalara, taryhy senelere beslenýän günlerinde bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatymyzda dürli sport çäreleri, aýdym-sazly dabaralar guraldy. Sagdyn durmuş ýörelgesini, dostlugy hem-de gözelligi dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzyň çar künjeginde geçirilýän dabaralaryň dowamynda dürli ýaryşlar geçildi. Bu gün hormatly Prezidentimiziň ajaýyp baýramçylyk mynasybetli iberen Gutlagyndan ruhlanan ildeşlerimiz sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçýär.

«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar