Sport çäreleri ýaýbaňlandyryldy

7 Aprel 2024
168

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024

Sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­rü­len Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­de ap­rel aýy­nyň gel­me­gi bi­len sport çä­re­le­ri, ýa­ryş­la­ry, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ap­rel aýy­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­rin­de ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş çä­re­le­ri­niň me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi, de­giş­li mi­nistr­lik­ler we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, we­la­ýat­la­ryň, Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri, Jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry ta­ra­pyn­dan dür­li sport çä­re­le­ri­niň en­çe­me­si gu­ral­dy.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.
Beýleki habarlar