Infarktyň öňüni almak mümkindir

5 Aprel 2024
583

Miokardyň infarkty ýürek myşsasynyň nekrozy (jansyzlanmagy) bilen bolup geçýän agyr ýürek keselidir. Bu kesel koronar ganaýlanyşyň bozulmagy sebäpli öýjüklerde kislorod ýetmezçiliginiň ýüze çykmagynyň netijesinde döreýär. Häzirki wagtda dünýäde kardiologiýa ylmynyň güýçli depginler bilen ösýändigine seretmezden, miokardyň infarkty giňden ýaýran keselleriň biri bolmaklygynda galýar. Ol ähli ýürek-damar keselleriniň arasynda öňdäki orny eýeleýär. Munuň özi halk köpçüliginiň, aýratyn hem, miokardyň infarktynyň döremek töwekgelligi bar bolan adamlaryň bu keseliň öňüni almak boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny görkezýär. Bu makalada miokardyň infarktynyň döremeginiň sebäpleri hem-de onuň öňüni almagyň ugur-ýollary barada söz açylýar.

Kesel näme sebäpden döreýär?

Wladimir GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň dosenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar