Iýmit zäherlenmesinden ägä boluň!

27 Mart 2024
670

Howanyň ýylamagy bilen gök-bakja, miwe önümleri ýetişýär. Önümler öý şertlerinde gaplananda, gaplanyş usulynyň düzgünleri doly we dogry berjaý edilmelidir. Bu düzgünler bozulan ýagdaýynda agyr iýmit zäherlenmesine — botulizm keseline sezewar bolunmagy mümkindir. Botulizmi döredýän mikroblar kislorodsyz ýerde köpelýärler.  Öý şertlerinde arassalanmadyk, nädogry gaplanan iýmit önümleri botulizm mikroblarynyň döremegine we köpelmegine sebäp bolýar. Öý şertlerinde nädogry gaplanan hyýar, badamjan garyndysy, burç, marinada ýatyrylan badamjan, duzlanan, kakadylan balyk önümleri has hem howply bolup durýar.

Botulizm dürli agyrlykda geçip bilýär. Adam bedeninde näsazlyk, gowşaklyk, agyz boşlugynyň guramagy, sesiň gyrylmagy ýaly ýagdaýlar iýmit zäherlenmesiniň ilkinji gije-gündizlikde ýüze çykýan alamatlarydyr. Köp näsaglarda ýüze çykýan ilkinji alamatlaryň biri görşüň ýaramazlaşmagydyr. Daş-töwerekdäki zatlar dumanyň içinde iki we şondan köp bolup görünýär. Bu alamatlaryň ählisi botulizm keselinde adam bedeninde köpelen zäherleriň merkezi nerw ulgamyna edýän täsiriniň netijesidir. Şunuň ýaly alamatlar ýüze çykan halatynda haýal etmän, lukmana ýüz tutmaly. Eger-de bejergi wagtynda we dogry geçirilmese, agyr netijeler bilen gutaryp biler. Öý şertlerinde gök önümler, miweler konserwirlenende, diňe gabygy sagdyn, çüýrügi ýok, ter önümler saýlanyp alynmalydyr, olary gowy edip, birnäçe minutlap akar suwda ýuwmalydyr, konserwirlenen gaplar sowuk ýerde saklanmalydyr.

Batyr Uşakow,
welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň iýmit gigiýenasy bölümçesiniň müdiri.
Beýleki habarlar